Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin. Düýş, gijeki görnüş arkaly, ynsanlary agyr uky basanda, düşeklerinde ýatyrkalar, ynsanlaryň gulaklaryna gepläp, olary duýduryşlar bilen gorkuzýar. Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar. Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez. Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly: Eý, patyşahym, sen ýatyrkaň hyýalyňa mundan soňra nämeler bolarka diýen pikir geldi we syrlary aýan edýän Hudaý muny saňa äşgär etdi. «Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz. Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar. Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar.
Выбор основного перевода