Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. «Şalaryň şasy Artakserksden Gögüň Hudaýynyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam! Hudaý maňa aýtdy, men gaýta-gaýta eşitdim muny: gudrat Hudaýdadyr. «Eý, Babyl gyzy, ümsüm otur, tümlüge git! Saňa „patyşalyklaryň melikesi“ diýilmez indi. Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim. Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin. Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.
Выбор основного перевода