Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun! Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!» Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr. Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun! Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň. Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär. Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar. Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň». «Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi. Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji hem-de baýlygy, paýhasy hem gudraty, hormaty hem şöhraty öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.
Выбор основного перевода