Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi. Patyşa öz gündelik köşk saçagyndan olara bir paý nahar we şerap bölüp berdi. Olar üç ýyl okadylyp, üçünji ýylyň ahyrynda patyşanyň huzurynda hyzmat etmäge getirilmelidiler. Saýlananlaryň arasynda ýahuda tiresinden Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy. Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy. Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler. Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.
Выбор основного перевода