Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Dördünji patyşalyk demir ýaly güýçli bolar, çünki demriň ähli zady mynjyradyşy ýaly, ol hem bularyň hemmesini gyryp tükeder. Aýaklaryň we barmaklaryň ýarysynyň toýundan, ýarysynyň bolsa demirdendigini gördüň. Bu bolsa bölünen patyşalygy aňladýar. Demriň toýun bilen garylandygyny görşüň ýaly, onda biraz demriň güýji bolar. Aýaklaryň barmaklarynyň ýarysynyň demirden, ýarysynyň hem toýundan bolmagy, bu patyşalygyň bir böleginiň güýçli, bir böleginiň bolsa ejiz boljakdygyny aňladýar. Görşüň ýaly, demriň toýun bilen garylmagy halklaryň gyz alşyp-berşip, biri-birleri bilen garyşjakdyklaryny aňladýar. Emma demriň toýun bilen garylyp bilmeýşi ýaly, olar hem biri-birleri bilen garyşyp bilmezler.
Выбор основного перевода