Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar. Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi. Şonuň üçin hem indi ol ýere ‘Topet’ ýa-da ‘Benhinnom deresi’ diýilmän, ‘Ölüm jülgesi’ diýiljek günler geler. Muny Reb aýdýandyr. Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin. Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez. Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».
Выбор основного перевода