Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym dakdy. Ýusup hakda şeýle diýdi: «Reb onuň ýerine bereket bersin. Gökden ýagýan peşgeşler bilen, Ýer astyndaky çuň suwlar bilen, Günde ýetişen saýlama hasyly bilen, her pasylyň iň ajap miwesi bilen, gadymy daglaryň iň gowy iýmişi bilen, müdimi depeleriň bolçulygy bilen, ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen, ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin. Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn. Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».
Выбор основного перевода