Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy. Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy. onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly; onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat we Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy. Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamrä, ýagny Kirýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi. Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi. Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady. Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň. Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady. Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar. Ýa Reb, olara kuwwat ber, elleriniň işini kabul et. Kim olara hüjüm edip ýigrense, bilini omur, gaýdyp aýaga galmasyn!»
Выбор основного перевода