Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin. öz puluny göterimine bermeýän, ýazyksyza garşy para almaýan. Şeýle ynsan asla yranmaz. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym. Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn, tabşyryklaryňy berjaý edýärin. Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men, Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn. Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!» Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.
Выбор основного перевода