Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
At-abraýym könelmez, ýaýym elimde bolar elmydam“. Urşa türgen edýär Ol ellerimi, gollarym egreldýär bürünçden ýaýy. Reb – meniň çopanym; men hiç zada mätäç bolmaryn. Eý, Ysraýyl Çopany, Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý! Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç! onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini: «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn». Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez. Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz». Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy». Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.
Выбор основного перевода