Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý saňa Gögüň çygyndan, mes toprakly ýerden, bol galla hem şerap bersin. Goý, Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin. Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. Soňra Ýakup şeýle dileg etdi: «Eý, maňa: „Öz ýurduňa, öz dogan-garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men saňa ýagşylyk ederin“ diýen Rebbim, atam Ybraýym bilen kakam Yshagyň Hudaýy! Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi. Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar. Zebulun hakda şeýle diýdi: «Eý, Zebulun, ýola düşeniňde şadyýan bol, sen bolsa, Ysakar, çadyryňda şatlan!
Выбор основного перевода