Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Yshaga şeýle jogap berdiler: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi. Şoňa görä biziň saňa ýagşylykdan başga hiç zat etmän, el gatman, seni parahatlyk bilen goýberişimiz ýaly, seniň-de bize ýamanlyk etmezligiň üçin özara ant içişip, şertnama baglaşaly diýdik. Indi Reb seni ýalkasyn». Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi. Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň.
Выбор основного перевода