Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz sadyk söýgüsini meniň jenabymdan gaýgyrmady. Ol meni jenabymyň garyndaşynyň öýüne göni alyp geldi» diýdi. Ine, şeýdip, men guýynyň başyna gelip, şeýle dileg etdim: „Eý, jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Sen meniň işimi oň et. Soňra men baş egip, Rebbe sežde etdim. Yshak üçin jenabymyň garyndaşynyň gyzyny almaga göni ýol görkezen jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbi alkyşladym. Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi. Yshak oglundan: «Awy nädip beýle çalt tapyp bildiň?» diýip sorady. Ýakup: «Hudaýyň Reb maňa tapmaga kömek etdi» diýip jogap berdi. Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.
Выбор основного перевода