Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin. Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar. Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi. Ysaw kyrk ýaşyna ýetende, het Beýeriniň gyzy Ýehudyt we het Eýlonyň gyzy Bosmata öýlendi. Bu gelinler Yshak bilen Rebekany janyndan doýurdylar. Yshak Ýakuby öz ýanyna çagyryp, oňa pata hem tabşyryk berip, şeýle diýdi: «Sen het gyzlaryna öýlenme! Sen Padanarama, babaň Betuweliň öýüne git-de, şol ýerde daýyň Labanyň gyzlaryndan birine öýlen. Ysaw Kengan gyzlaryny kakasynyň halamaýandygyny bilip, Ysmaýylyň ýanyna gitdi we beýleki aýallarynyň üstüne Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Mahalata öýlendi. Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler. Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar?
Выбор основного перевода