Soňra ol şeýle dileg etdi: «Eý, meniň jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Jenabym Ybraýyma merhemet et-de, meniň işimi oň et.
Ine, men guýynyň başynda durun. Galanyň gyzlary guýudan suw çekmäge gelýärler.
Men bir gyza: „Küýzäňi egniňden düşür-de, maňa birazajyk suw bersene, içeýin-le“ diýerin. Eger ol gyz maňa: „Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“ diýse, ol Seniň guluň Yshak üçin saýlan gyzyň bolar. Şonda men Seniň jenabyma merhemet edendigiňi bilerin».
Ybraýymyň hyzmatkäri bulara: «Reb meniň işimi oň etdi. Siz meni eglemäň; maňa rugsat beriň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi.