Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi. Şonda Gidegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez. Saňa sadaka getirip, öňüňde goýýançam, bu ýerden gitme» diýdi. Ol: «Sen gelýänçäň, garaşaryn» diýdi. Gidegon gidip, bir owlak soýdy we bir batman undan petir bişirdi. Eti sebede saldy, çorbasyny küýzä guýdy we bulary getirip, dub agajynyň aşagynda Onuň öňünde goýdy. Hudaýyň perişdesi Gidegona: «Eti we petiri şu daşyň üstünde goý-da, üstünden çorbany guý» diýdi. Gidegon şeýle hem etdi. Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy. Gidegon Rebbiň perişdesiniň özi bilen gepleşendigine düşünende: «Eý, Hökmürowan Reb! Maňa kömek et! Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrdy. men harmanda goýun ýüňüni düşäýin. Eger daňdanyň çygy diňe ýüňüň üstüne düşüp, onuň töweregindäki ýerler gurulygyna galsa, onda Seniň Ysraýyly meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe göz ýetirerin». Indi täze araba hem-de heniz boýuntyryk salynmadyk iki sany sagynlyk sygyr tapyň-da, olary araba goşuň. Sygyrlaryň gölelerini bolsa, olaryň ýanyndan aýryp, dölede saklaň.
Выбор основного перевода