Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Meniň heniz-de perzendim ýok. Hojalygym damaskly Eligezere miras galar. Hyzmatkär elini Ybraýymyň uýlugynyň astynda goýup ant içdi. Hyzmatkär Ybraýymyň düýelerinden onusyny hem-de onuň gymmatbaha sowgatlaryndan alyp, Mesopotamiýadaky Nahoryň ýaşaýan galasyna tarap ýola düşdi. Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.
Выбор основного перевода