Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Rebbe perýat edenlerinde, Reb olara Otniýel diýen bir halasgär berdi. Ol Kalebiň inisi Kenazyň ogludy. Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Hazaýylyň ogly Benhadada garşy urşup, onuň kakasy Ýehogahaza garşy urşup alan galalarynyň baryny Benhadadyň elinden aldy. Ýehowaş Benhadady üç gezek ýeňlişe sezewar edip, Ysraýylyň galalaryny yzyna gaýtaryp aldy. Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi. Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi. Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.
Выбор основного перевода