Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner. Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek». Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi. Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň». Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi. Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi. Ysraýyl halky Ýarobgamyň eden günälerini gaýtalady. Rebbiň Öz gullary pygamberler arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyl halkyny huzuryndan ýok edýänçä, olar günä etmekden el çekmediler. Şeýdip, olar öz ýurtlaryndan Aşura sürgün edildiler we olar tä şu güne çenli hem şol ýerdedirler.
Выбор основного перевода