Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady. Elýaşa Ýehowaşa: «Ýaýy hem oklary al» diýdi. Ýehowaş ýaý bilen oklary aldy. Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Ýaýy çek» diýdi. Ýehowaş onuň aýdyşy ýaly ýaýy çekdi. Elýaşa ellerini patyşanyň elleriniň üstünde goýdy. Soňra ol Ýehowaşa: «Gündogar tarapdaky penjiräni aç» diýdi. Ýehowaş ol penjiräni açdy. Elýaşa Ýehowaşa: «At» diýdi. Ýehowaş atdy. Onsoň Elýaşa Ýehowaşa ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu Rebbiň ýeňiş okudyr, Siriýanyň üstünden ýeňiş okudyr! Sen Apekde siriýalylara garşy urşup, olary iň soňkusyna çenli gyryp ýok etmelisiň». Elýaşa dowam edip, Ýehowaşa: «Oklary al» diýdi. Ol hem oklary aldy. Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Oklary ýere ur» diýdi. Ýehowaş hem oklary ýere üç gezek urdy-da saklandy. Onsoň Hudaýyň adamynyň oňa gahary gelip: «Sen bäş ýa-da alty gezek urmalydyň, şonda siriýalylary soňuna çenli gyrardyň. Indi sen Siriýany diňe üç gezek ýeňersiň» diýdi. Onsoň Amazýa Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çaparlar ýollap: «Gel, ýüzbe--ýüz görüşeli» diýdi. Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy ogluma aýallyga ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka ýandagy depeläpdir. Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň». Emma Amazýa muňa gulak asmady. Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler. Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy. Ýehowaş Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altyn-kümşüň, gap-gaçlaryň baryny, bulardan daşary-da ýesir alnan adamlary alyp, Samariýa dolanyp geldi. Ýehowaşyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen eden urşy barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Onsoň Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatlaşyp, Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çapar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz bolaly» diýdi.
Выбор основного перевода