Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin. Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm. Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi. Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalar» diýdi. Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy. Çünki Reb Ysraýylyň agyr muşakgatyny gördi. Ysraýylda olara kömek berer ýaly gulam, azat adamam galmandy. Olary öldüren mahaly Ony agtarýardylar, toba edip, erjellik bilen Ony gözleýärdiler.
Выбор основного перевода