Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol döwürde Reb Ysraýylyň çäklerini kiçeltmäge başlady. Siriýa patyşasy Hazaýyl Iordan derýasynyň gündogaryndan gatlylara, rubenlilere we manaşalylara çenli bolan bütin Gilgat topragyny, Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden Gilgada we Başana çenli bolan tutuş ýurdy basyp aldy. Şol döwürde Reb Ysraýylyň çäklerini kiçeltmäge başlady. Siriýa patyşasy Hazaýyl Iordan derýasynyň gündogaryndan gatlylara, rubenlilere we manaşalylara çenli bolan bütin Gilgat topragyny, Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden Gilgada we Başana çenli bolan tutuş ýurdy basyp aldy. Elýaşa dowam edip, Ýehowaşa: «Oklary al» diýdi. Ol hem oklary aldy. Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Oklary ýere ur» diýdi. Ýehowaş hem oklary ýere üç gezek urdy-da saklandy. Onsoň Hudaýyň adamynyň oňa gahary gelip: «Sen bäş ýa-da alty gezek urmalydyň, şonda siriýalylary soňuna çenli gyrardyň. Indi sen Siriýany diňe üç gezek ýeňersiň» diýdi. Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi. Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder.
Выбор основного перевода