Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Ýarobgam öz içinden şeýle diýdi: «Indi patyşalyk ýene-de Dawudyň nesillerine gaýdyp geler. Eger bu halk Rebbiň öýünde gurbanlyk bermek üçin Iýerusalime gitmegini dowam etdirse, onda olaryň ýüregi öz jenaby, Ýahuda patyşasy Rehabgama tarap öwrüler. Olar meni öldürip, Rehabgamyň ýanyna öwrülip bararlar». Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr». Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy. Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler. Ýarobgam şeýle hem seždegähler gurup, lewilerden bolmadyk adamlardan ruhanylar belledi. Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran seždegählerine ruhanylar belledi. Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi.
Выбор основного перевода