Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Lewileriň gerşon urugyna gündogardaky manaşa tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Başandaky Golan galasy we Beýeşterag – jemi iki gala, olaryň öri meýdanlary bilen bile berildi. Ysakar tiresinden bolsa olara Kişýon, Daberat, Ýarmut, Eýngannym galalaryny – jemi dört galany olaryň öri meýdanlary bilen bile aldylar. Aşer tiresinden olara Mişal, Abdon, Helkat we Rehop galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi. Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary – jemi üç gala öri meýdanlary bilen bile berildi. Şu sanalan on üç gala, olaryň öri meýdanlary bilen birlikde gerşon urugyna berildi.
Выбор основного перевода