Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Lewileriň kohat nesliniň galan bölegi bije boýunça efraýym tiresinden galalar aldylar. Olar ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Efraýym daglygyndaky Şekem galasyny, şeýle hem Gezeri, Kibsaýymy, Beýthorony öri meýdanlary bilen bile olara berdiler. Bular jemi dört galadyr. Olar dan tiresinden Elteke, Gibeton, Aýalon we Gatrimmon galalaryny öri meýdanlary bilen bile aldylar. Bular jemi dört galadyr. Olara günbatardaky manaşa tiresinden şu galalary: Tagnagy, Gatrimmony – jemi iki galany öri meýdanlary bilen bile berdiler. Şu ýokarda sanalan on gala, öri meýdanlary bilen birlikde kohat nesilleriniň galan bölegine berildi. Kohatlaryň galan nesillerine bije üsti bilen günbatardaky manaşa tiresiniň paýyndan on gala berildi.
Выбор основного перевода