Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla. Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun. Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasa. Onuň dört burçunyň hersine bürünçden halka ýasa. Halkalary gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdir, şonda gözenek gurbanlyk sypasynyň ýarysyndan aşakda bolar. Akasiýa agajyndan syryklar ýasa we olary bürünç bilen gapla. Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir. Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn. Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin. Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek. Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dak. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçir. Syryklary akasiýa agajyndan ýasa we olary altyna gapla. Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn. Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn. Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».
Выбор основного перевода