Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Kohadyň nesilleri: Kohatdan Eminadap, Eminadapdan Kora, Koradan Asyr, Asyrdan Elkana, Elkanadan Ebiýasap, Ebiýasapdan Asyr, Asyrdan Tahat, Tahatdan Uryýel, Uryýelden Uzyýa, Uzyýadan Şawul doguldy. Elkananyň ogullary: Omasaý we Ahymot. Ahymotdan Elkana, Elkanadan Sopaý, Sopaýdan Nahat, Nahatdan Eliýap, Eliýapdan Ýeroham, Ýerohamdan Elkana doguldy. Şamuweliň ogullary: nowbahar ogly Ýowel, ikinji ogly Abyýa. Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowmyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler. Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagy bürünç kimwallar, Rebbiň baky söýgüsi üçin Oňa alkyş aýtsynlar diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy. Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.
Выбор основного перевода