Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Merary urugy özlerine ruben, gat we zebulun tirelerinden on iki gala aldylar. Lewileriň galan merary urugyna bolsa zebulun tiresinden galalar berildi. Olara Ýoknegam, Korta, Merary urugynyň galanlaryna şu ýerler berildi: zebulun tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Rimmono, öri meýdanlary bilen bilelikde Tabor, Ýerihodan başlap, Iordanyň aňyrsyna çenli, Iordanyň gündogar tarapy, ruben tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde çöldäki Beser, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýahsa, öri meýdanlary bilen bilelikde Kedemot, öri meýdanlary bilen bilelikde Meýpagat; gat tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Gilgatdaky Ramot, öri meýdanlary bilen bilelikde Mahanaýym, öri meýdanlary bilen bilelikde Heşbon, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýazer. gat tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Gilgatdaky Ramot, öri meýdanlary bilen bilelikde Mahanaýym, öri meýdanlary bilen bilelikde Heşbon, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýazer.
Выбор основного перевода