Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi. Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi. Emma Şawulyň gyzy Merabyň Dawuda berilmeli pursady gelende, gyz oňa däl-de, meholatly Adryýele durmuşa çykaryldy. Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy. Adamlar oňa: «Hawa, ony öldürene şeýle ediljek» diýip, öňki jogaby berdiler. Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler. Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi. Abner ony Gilgadyň, Aşuryň, Ýizregeliň, Efraýymyň, Benýaminiň hem-de tutuş Ysraýylyň patyşasy etdi. Ysraýyla patyşalyk edip başlanda, Şawulyň ogly Yşboşet kyrk ýaşyndady. Ol iki ýyl patyşalyk etdi. Emma ýahuda tiresi Dawudyň yzyna eýerdi. Hebronda ýahuda tiresine Dawut ýedi ýyl alty aý bäri patyşalyk edýärdi. Dawut Aýanyň gyzy Rispanyň Şawula dogrup beren iki ogluny: Armony bilen Mepiboşedi, şeýle hem Şawulyň gyzy Merabyň meholaly Barzyllaýyň ogly Adryýele dogrup beren bäş ogluny alyp, Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy. Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
Выбор основного перевода