Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa ertesi säher bilen turdy we ähli ysraýyllara tire-tire bolup öňe çykmaklaryny buýurdy we ýahuda tiresi görkezildi. Soňra ýahuda tiresiniň uruglaryna öňe çykmaklaryny buýurdy we Zeranyň urugy görkezildi. Soňra Zeranyň urugy maşgala-maşgala bolup öňe çykdy we Zabdynyň maşgalasy görkezildi. Onsoň Ýeşuwa Zabdynyň maşgalasyna ýeke-ýekeden öňe çykmagy buýurdy we Karmynyň ogly, Zabdynyň agtygy, Zeranyň çowlugy Akan görkezildi; ol ýahuda tiresindendi. Soňra Şamuwel ysraýyl tireleriniň ählisini ýeke-ýekeden öňe çykardy. Olardan bije boýunça benýamin tiresi saýlanyp alyndy. Soňra Şamuwel benýamin tiresini maşgalama-maşgala öňe çykardy. Olardan Matrynyň maşgalasynyň bijesi çykdy. Olardan Kişiň ogly Şawulyň bijesi çykdy, ýöne olar ony idäp tapyp bilmediler. Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir. Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez, sebäbi Ýudas etmeli hyzmatyny taşlap, özüne degişli ýere gitdi» diýdiler. Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.
Выбор основного перевода