Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Piliştli hüjümçiler üç topara bölünip, öz düşelgelerinden çykdylar. Olaryň birinji topary Şugalyň Opra ýoluna tarap, beýlekisi Beýthorona, üçünji topar bolsa çölüň üsti bilen Sebogym jülgesinden serhede tarap öwrüldi. Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler. Şeýdip, siriýalylar gorkup, çadyrlaryny, atlarydyr eşeklerini we düşelgedäki bar zatlaryny şol durşuna taşlap, öz janlaryny halas etmek üçin alagaraňkyda yzlaryna gaçyp gidipdiler.
Выбор основного перевода