Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler. Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi oýup, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi. Ýabeşiň ýaşululary oňa: «Bize ýedi gün puryja ber; Ysraýylyň ähli ýerine çaparlar göndereli. Eger ol ýerden bize kömek eder ýaly adam tapylmasa, onda biz siziň ygtyýaryňyzda» diýdiler. Çaparlar Şawulyň ýaşaýan Gibga galasyna gelip, ýagdaýy halka habar berenlerinde, halk möňňürip aglady. Hut şol mahal Şawul örüden öküzlerini alyp gelýärdi. Ol: «Näme boldy? Adamlar nämäniň ýasyny tutýarlar?» diýip sorady. Ýabeşden gelen çaparlaryň getiren habaryny oňa aýtdylar. Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň Ruhy onuň kalbyny eýeledi. Şawulyň gaty gahary geldi. Ol iki sany öküzi soýup, olaryň etini dogrady. Soňra: «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, onuň-da öküzleriniň başyna şu öküzleriň güni geljekdir» diýen sözler bilen etleri çaparlar arkaly Ysraýylyň ähli ýerine iberdi. Onsoň halky Rebbiň haýbaty gurşap aldy, olar bir adam ýaly bolup ýygnandylar. Şawul olary Bezege ýygnady. Ol ýere Ysraýyldan üç ýüz müň adam, Ýahudadan otuz müň adam toplandy. Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler. Ýabeşliler Nahaşa: «Ertir biz size boýun egeris, siz bize islän zadyňyzy edip bilersiňiz» diýip jogap berdiler. Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we Gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar. Soňra adamlar Şamuwele: «„Şawulmy indi bize patyşa boljak“ diýenler kimler? Getiriň, biz olary öldürjek» diýdiler. Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi. Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi. Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi. Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.
Выбор основного перевода