Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim. Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy. Şol wagty Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran edomly Döweg: «Ýyşaýyň oglunyň Nop galasyndaky Ahytubyň ogly Ahymelegiň ýanyna gelenini gördüm. Ol Dawut üçin Rebbe ýüz tutup, onuň sapary barada sorady we oňa azyk hem-de Jalut piliştliniň gylyjyny berdi» diýdi. Şawul Ahytubyň ogly Ahymelek ruhanyny, onuň tutuş maşgalasyny – Nop galasyndaky ähli ruhanylary getirmek üçin adam iberdi. Olaryň ählisi patyşanyň ýanyna geldiler. Şawul Ahymelege: «Indi maňa gulak as, eý, Ahytubyň ogly» diýdi. Ol: «Gulak asýaryn, hökümdarym» diýdi. Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi.
Выбор основного перевода