Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý. Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun». Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“ diýdi. Bu gün muny bilip goýuň: ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz.
Выбор основного перевода