Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bilip goýuň: Hudaýyňyz Reb bu gowy ýurdy size dogruçyllygyňyz üçin berýän däldir, çünki siz boýnuýogyn halksyňyz. Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz. Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz. Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi.
Выбор основного перевода