Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady. Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi. Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi. Pisga dagynyň depesine çyk-da, günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara seret. Gowuja seretgin, çünki sen Iordandan aňry geçmersiň. Musa ýüz ýigrimi ýaşynda öldi. Onuň gözleri kütelmändi, güýç-kuwwaty azalmandy.
Выбор основного перевода