Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn. Soňra Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, Ýeşuwa ähli alkyş we nälet sözlerini ýekeme-ýeke gaty ses bilen okady. Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady. Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi. Ähli halk edil bir adam ýaly bolup, Suw derwezesiniň öňündäki meýdança ýygnandy. Onsoň olar ruhany we mürze Ezradan Reb tarapyndan Ysraýyla berlen Musanyň Töwradyny getirmegini soradylar. Şeýdip, ýedinji aýyň birinji güni Ezra Töwradyny halkyň öňüne getirdi. Diňläp, erkeklerdir aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň hemmesi ol ýerdedi. Onsoň ol Suw derwezesiniň öňündäki meýdançada erkekleriň we aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň öňünde ir ertirden günortana çenli ony okady. Bütin halk Töwrady üns berip diňledi.
Выбор основного перевода