Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur. Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň. dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz. Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, şerap ýa-da çakyr – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň. Siz hojalygyňyz bilen bile olary her ýyl Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, Onuň saýlajak ýerinde iýersiňiz.
Выбор основного перевода