Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň. Siz Horepde Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda duranyňyzda, Reb maňa şeýle diýdi: „Halkyňy Meniň huzuryma üýşür. Men olara Öz sözlerimi eşitdirjek, şonda olar bütin ömrüne Menden gorkmagy öwrenerler we çagalaryna hem öwrederler“. «Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyryklary, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz. Şeýdip, olar Seniň atalarymyza beren ýurduňda ömürboýy Senden gorkup ýaşasynlar.
Выбор основного перевода