Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň. Reb Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde dowarlaryňyzdan we mal-garalaryňyzdan Hudaýyňyz Rebbe Pesah gurbanlygyny beriň. Onuň size berýän bu ýeriniň ähli miweleriniň ilkinji hasylyndan sebede salyp, Özüne ybadat edilmegi üçin Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler. Gözleriň gije-gündiz: „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit. Reb gije Süleýmana görnüp, oňa şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi eşitdim. Men şu ýeri Özüm üçin gurbanlyk berilýän öý hökmünde saýladym. Adym şu öýde ebedilik bolar ýaly, Men ony saýladym we mukaddes etdim, Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.
Выбор основного перевода