Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. Nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, guşuňkymy ýa-da haýwanyňkymy – parhy ýok, olar hiç hili gan iýmesinler. Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin. Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr. Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: 'Siziň hiç biriňiz ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden hiç biri gan iýmesin'. «Ganly et iýip, halk Rebbiň öňünde günä gazanýar, ony bir görsene» diýip, Şawula habar berdiler. Ol: «Siz haýynlyk etdiňiz. Indi meniň ýanyma uly bir daşy togalap getiriň» diýdi. Soňra: «Halkyň arasyna baryň-da, olara aýdyň, goý, her kim öz öküzini ýa-da goýnuny getirsin-de, şu ýerde soýup iýsin. Ganly et iýip, Rebbiň öňünde günä gazanmasynlar» diýip, Şawul sözüniň üstüni ýetirdi. Şoňa görä şol gije her kim öz öküzini getirip, şol ýerde soýdy. Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“. butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».
Выбор основного перевода