Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz. Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan». Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň. Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär, Sen berjaý etdiň ägirt işleri. Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly? Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý, Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar? Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.
Выбор основного перевода