Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi. Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, söweş arabaly esgerleriň, faraonyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady. Eý, Hudaý, meni halas et, çünki suwlar boýnuma ýetdi. Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“». Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym. Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?
Выбор основного перевода