Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara. Emma her ötegçiniň onuň miwesini ýolup bileri ýaly, Sen onuň haýatlaryny näme üçin weýran eýlediň? Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi. Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi.
Выбор основного перевода