Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda Rebbiň ata-babalaryňyza bermegi wada eden ýurdunda siziň çagalaryňyz we özüňiz uzak ömür sürersiňiz. Asman ýeriň üstünde näçe dursa, şol ýurtda şonça-da ýaşarsyňyz. Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn. „Ebedi berkarar ederin seniň nesliňi, nesillerboýy bina ederin seniň tagtyňy“». Sela Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu. Çünki Reb şeýle diýýär: „Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda baky oturar. Iman edenleriň hemmesi bilediler. Olar ähli zatlaryny orta goýýardylar.
Выбор основного перевода