Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim. Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek. Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz. Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men seni ähli duşmanlaryňdan gorap saklajak. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin. Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin. Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn. Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin. Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“». Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin. Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu. Çünki Reb şeýle diýýär: „Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda baky oturar. Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar. Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady.
Выбор основного перевода