Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular, açlar bolsa doýdular. Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy, köp çagaly aýal perzentsiz galdy. Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly, derýalary öwürýär çölüstanlyga, suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga, bereketli topragy – şorluk ýerlere. Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ol ezilenleriň hakyny alyp berýändir, açlara nan berýän Oldur, Reb ýesirleri boşadýar. Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy. Birdenkä güýçli ýertitreme boldy, zyndanyň binýady sarsyp, ähli gapylar birbada açyldy, hemmeleriň zynjyry üzüldi. Biri-birimiz bilen hoşlaşanymyzdan soň, gämä mündük, olar hem öýlerine gaýtdylar.
Выбор основного перевода