Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar. Ýa Reb, Sen Segirden çykaňda, Edomdan nyzamly aýak goşaňda, ýer sarsyp titredi, asmandan çagba ýagdy, bulutlardan sil akdy. Sinaý dagynda Rebbiň öňünde, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde daglar sarsyp lerzana geldi. ýanyndaky adamlar bilen Salmon dagyna gitdiler. Abymelek öz ýany bilen palta äkidip, agaç şahalaryny çapdy-da, egnine aldy we ýanyndakylara: «Men näme eden bolsam, siz hem derrew şony ediň» diýdi. Olara patyşalyklary, halklary berip, her bir künjegi deň paýladyň. Şeýdip, olar Heşbon patyşasy Sihonyň ýurduny we Başan patyşasy Oguň ýurduny eýelediler.
Выбор основного перевода