Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň. Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär. Mukaddes mekanyň asmandan bize seredip, Öz halkyň Ysraýyly ýalka we ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, bize bagyş eden süýt we bal akýan ýurduňa bereket inder“. Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň. Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň, olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň, ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin gulak goýarsyň; asly toprakdan bolan ynsandan mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin. Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir. Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin.
Выбор основного перевода