Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen ýeriň aladasyny edýärsiň – ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň; bol suwly derýalar arkaly halkyň gallasyny üpjün edýärsiň; sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň. Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň, onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň, ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň, onuň hasylyny bereketleýärsiň. Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin. Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar. Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar. Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin. «Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.
Выбор основного перевода